Ýandeks-da Alisa AI arkaly täze okuw formaty synagdan geçirilýär. Indi matematika meselesini girizen mahaly, neýrotor ulanyja meselä düşünmäge kömek eder, ugrukdyryjy soraglary berer we çözmegiň ýörelgelerini düşündirer. "Okuw tertibini synap görüň" düwmesine basylanda, ulanyjy emeli aň bilen söhbetdeşlige girer.Neýrotor tabşyrygyň çözgüdiniň logikasyny düşündirer we bilimi berkitmek üçin şuňa meňzeş mysallary hödürlär. Dialogda el bilen ýazgy girizmek üçin meýdança hem-de formulalar üçin kalkulýator bolar, bu bolsa okuw prosesini interaktiw we düşnükli eder. Bu funksiýa heniz işlenip taýýarlanýar we ýakyn wagtda Alisa AI-niň esasy çatynda elýeterli bolar. Ol ýerde Ýandeks kompaniýasynyň täze uly dil modeli esasynda işlär.