Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmeklikde ony dünýä ülňülerne ösen innowasion tehnologiýalarynda hasda kämilleşdirip durmuşa ornaşdyryp, ýurdumyzyň dolanşygyny sanly ulgama geçirmeklikde seýle-de ähli daşary ýurtlar bilen aragatnaşygyň hilini ýokary derejelerde üpjün edilmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Türkeministanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň 29-yndaky 1081 kararyna esaslanyp Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň 2019-njy ýylyň 13-nji fewralyndaky “Türkmentehnogurluşyk” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işlerini gurnamak hakynda MB-12 belgili buýrugy esasynda döredildi.
Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasy maksady hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirmäge, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmeginde “Türkmentehnogurluşyk” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti yokarda görkezilen hyzmatlary bilen yurdumyzyň ösüşlerine döwrümiziň bagtly geljegi üçin öz hyzmatlaryny hödürleýär we ýerine ýetirýär.
“Türkmentehnogurluşyk” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasyna degişli bolan aragatnaşyk serişdeleri we ulgamlary ulanmak bilen daşary ýurt aragatnaşyk operatorlary we kompaniýalary bilen giriş we çykyş jaňlary, telegrammalary we üçünji döwletlere tranzit geçirmek barada ykdysady taýdan amatly bolan işleri alyp barýar. Häzirki wagtda Halkara hasaplaşyklar we daşary gatnaşyklar bölümüniň operatorlary Russýa Federasiýasynyň “Rostelekom” JPJ-i, Özbegistan döwletiniň “Özbektelekom” PJ-i, Gazagystanyň “Gazaktelekom” PJ-i, Eýran Yslam Respublikasynyň TIC kompaniýasy, Türkiýe döwletiniň “Türktelekom”, “Calik Enerji sanayi we tijaret” kompaniýalary, Owganystan yslam respublikasynyň “Afghantelekom” korporasiýasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň "ETISALAT" kompaniýasy bilen baglaşylan şertnamalar esasynda elektro aragatnaşygyň ähli görnüşleri boýunça özara hasaplaşyklaryň işini gurnap we alyp barýar. Mundan başga-da bu bölüm her bir aragatnaşyk operatorynyň deňleme hasabaty boýunça aragatnaşyk hyzmatlarynyň aýlyk hasabatyny we derňewini ýöretmek, daşary ýurt aragatnaşyk administrasiýalary we kompaniýalary bilen döwletara, halkara telefon, telegraf we teleks aragatnaşygy üçin amatly bahalary işläp düzmek we ylalaşmak, özara hasaplaşyklar boýunça gepleşikler alyp barmak, elektroaragatnaşygyň hyzmatlary üçin gelýän teklipleri boýunça internet, üstaşar TAE, kärendesine ulanmak segmenti öwrenmek we şol teklipler boýunça resminamalary, ýazgy hatlary amala aşyrmak, çykýan telefon, telegraf grafikleri üçin ýokary hilli we bahasy amatly täze ugurlary we aragatnaşyk operatorlaryny tapmak, beýleki döwletleriniň aragatnaşyk operatorlary we kompaniýalary bilen hasaplaşyklary geçirmek we bähbitli ýagdaýy döretmek baradaky işler amala aşyrylýar.