«Sanly çözgüt - 2023» atly innowasion atly innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmegiň
DÜZGÜNNAMASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu işlere bilimli, başarnykly, ussat hünärmenleri çekmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 984 belgili karary bilen «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Konsepsiýany amala aşyrmagyň talaplaryna laýyklykda, sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de bu ugurda anyk çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak şeýle hem, IT hünärmenler bilen üpjün etmek bellenilen.

Kabul edilen konsepsiýa laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça täze Startaplara (StartUp) badalga bermek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt – 2023» atly innowasion taslamalaýryň bäsleşigi geçirilýär.

  • Saglygy goraýyş
  • Ylym-bilim
  • Ulag-logistika
  • Elektron senagat
  • Oba-hojalyk
  • Hyzmatlar ulgamy/li>
  • Robototehnika

Bäsleşigiň geçiriliş şertleriniň düzgünnamasyny mahabatlandyrmak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen guramaçylyk topary tarapyndan amala aşyrylar.

Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we oýlap tapmalary baradaky teklipler telecom.tm internet saýtynda elektron görnüşinde kabul ediler.